Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň seýilgähiniň durkuny täzelemek boýunça ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy

01:5814.11.2015
0
4120

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň merkezindäki seýilgähiň durkuny täzelemek boýunça geçirilen işleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Şäheriň Türkmenbaşy şaýolundan A.Nowaýy köçesine çenli uzap gidýän  seýilgähiň durkuny doly täzelemek işini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda gol çeken Kararyna laýyklykda “Vinci” fransuz kompaniýasy amala aşyrdy, taslamany işläp düzüjiler onda gündogar bezegçiliginiň we nusgawy binagärlik sungatynyň äheňlerini utgaşdyrdylar.

Seýilgähiň umumy meýdany 170 müň inedördül metre golaýdyr. Olardan 86 müň inedördül metrden gowragyny ýaşyl zolaklar eýeleýär.  Seýilgähiň durkunyň düýpli täzelenmeginiň bu künjegiň esasy “ýaşyl” düzüm bitewiligini bozmandygyny bellemek gerek.Taslamany düzüjiler we gurluşykçylar aşgabatlylaryň birnäçe nesliniň ýaşaýyş-durmuşynyň şaýady bolan seýilgähiň baý taryhyna aýawly garadylar. 1225 sany zyýan ýetirlmän saklanylan baglardan başga-da, ýene-de 5 müň 700 düýp täze nahal oturdyldy. Ozal bar bolan 7 müň sany gyrymsy bezeg ösümlikleriň üsti ýene 200 müňden gowrak dürli görnüşli bezeg ösümlikleri bilen dolduryldy.

Köp sanly suw çüwdürimleri seýilgäh toplumynyň okgunly ösüş hereketini, bu ýerde durmuşyň doly gaýnap joşýandygyny alamatlandyrýar. Suw çüwdürimleri 4 müň inedördül meýdany tutýar. Bu ýerde her biriniň meýdany 260 inedördül metre deň bolan sekiz sany meňzeş görnüşli suw çüwdürimi, her biriniň meýdany 300 inedördül metre deň bolan Oguzhanyň ýyldyzy görnüşindäki dört sany suw çüwdürimi we meýdany 690 inedördül metr bolan uly suw çüwdürim toplumy guruldy. Bu künjekden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binasy seleňläp görünýär. Beýleki tarapda Hökümet binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärlik ýerleşýär.

Tutuş seýilgäh toplumy boýunça gyradeň ýaşyl zolaklar we dürli öwüşginli güldanlar ýerleşdirilipdir. Dürli öwüşginli bezeg daşlaryndan seýil edilýän ýodajyklar (23,7 müň inedördül metrden gowrak), şeýle hem    basgançaklar gurnalypdyr.

Seýilgähiň yşyklandyryş bezegine aýratyn üns berildi. Seýilgähiň tutuş zolagy boýunça gurnalan 900-den gowrak çyralar we yşyklandyryş diňleri, şeýle hem suw çüwdürimleriniň dürli yşyk öwüşginleri garaňky wagtda seýilgähiň aýdyň şöhle saçmagyna mümkinçilik berer. Seýilgäh toplumynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek maksady bilen, bu ýerde 15 sany tehniki bina gurnaldy, olaryň hatarynda iki sany ýerasty geçelge hem bar. Seýilgähe ýanaşyk köçeleriň hem käbir bölekleriniň durky täzelenildi.

Tutuşlygyna taslamany düzüjiler we bezegçiler iri möçberli we döredijilik çemeleşmäni talap edýän işi ussatlyk bilen berjaý edip, aşgabatlylaryň her biriniň kalbyna ýakyn bolan bu seýilgähiň ajaýyp keşbe eýe bolmagyny gazandylar.

...Şol günüň özünde köpçülikleýin seýil etmek üçin açylan seýilgäh özüniň ilkinji myhmanlaryny garşylady.  Seýilgäh boýunça köpçülikleýin gezelençler giç agşama çenli dowam etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň