Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary hytaýly işewürler bilen gepleşikleri geçirdiler

14:1713.11.2015
0
2750

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň işewür toparlarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesi geçirildi.

Hytaýyň «CAMC inžiniring» korporasiýasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda Serdar şäherindäki wagon abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemegiň hem-de ýurdumyzda ýolagçy wagonlaryny abatlaýan täze zawody gurmagyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Derman senagaty önümlerini eksport-import etmekde ýöriteleşen “China Sinopharm International Corporation” hem-de işi maýa goýumlar, maliýe ulgamy, söwda, gozgalmaýan emläk, myhmanhana işewürligi bilen bagly bolan “Jiangsu Guotai Int`l Group Hengyuan Investment Development Co. Ltd» kompaniýalary we beýlekiler buýan köküniň goýy erginini öndürmek boýunça häzirki zaman zawodyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.

“Lenovo Group Limited” we “Forever Wise (Hong Kong) Limited” kompaniýalarynyň wekilleri bilen kompýuter tehnikalaryny ibermek boýunça meýilnamalar, Hytaýyň (“CNPC”) milli nebitgaz korporasiýasynyň wekilleri bilen nebiti we gazy gazyp almak, nebithimiýa önümçiliklerini döretmek, nebit çykarýan enjamlary taýýarlamak babatda täze bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Huawei Technologies CoLtd» kompaniýasynyň hünärmenleri bilen “Gündogar—Günbatar” turba geçirijisinde SCADA ulgamyny hem-de aragatnaşygy oturtmak bilen baglanyşykly taslamalar, HHR-iň hökümetiniň grant serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän “Elektron bilim berlişi” taslamasy, şeýle hem “Huawei” maksatnamasynyň çäklerinde “Geljegiň däneleri” diýen bilim ugrunyň hünärmenleri üçin okuwlary geçmegiň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da,“Jiangsu Guotai Int’l Group Hengyuan Investment  Development Co.Ltd” kompaniýasy bilen şähergurluşyk ulgamynda, köpçülikleýin medeni çäreleri bezemekde hyzmatdaşlyk etmek gepleşikleriň meselesine öwrüldi. “Qinghai Cashmere Industrial Group Co.Ltd” kompaniýasy bilen Türkmenistanda we Hytaýda halkyň sarp edýän harytlaryny ýerlemek boýunça bilelikdäki lomaý söwda bazarlaryny döretmek, geçi ýüňüni gaýtadan işleýän hem-de örme önümleri öndürýän fabrikleri gurmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly beýleki ugurlarynyň hatarynda takyk maşyngurluşygynyň Bütinhytaý eksport-import korporasiýasy  (CPMIEC), Demirgazyk Hytaý Senagat korporasiýasy (NORINCO), «CETC International» ООО bilen ýokary tehnologiýalar, senagat, elektron ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek agzaldy.

Bu duşuşyklara hem-de gepleşiklere gatnaşanlar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynam bildirip, munuň üçin häzir hemme mümkinçilikleriň, bilelikde işlemegiň baý tejribesiniň we özara bähbitli hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň bardygyny aýratyn nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň