Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Ýol» dabaralar zaly göçme çäreler üçin çadyrlary kärendesine bermek boýunça täze hyzmatyny ýola goýdy

10:2108.11.2023
0
21711

Tagamly naharlary, ýokary hilli hyzmaty we amatly bonuslary bilen türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň arasynda meşhurlyk gazanan «Ak Ýol» dabaralar zaly göçme çäreler üçin çadyrlary kärendesine bermek boýunça täze hyzmatyny hödürleýär.

Çadyr ulgamlary islendik görnüşdäki çäreleri: toý dabaralaryny, işewürlik hem-de maşgala baýramçylyklaryny, sadakalary we ş.m geçirmek üçin rahat we ýaramaz howa şertlerinden goragly giňişligi döretmäge mümkinçilik berýär.

«Ak Ýol» dürli ululykdaky we görnüşdäki çadyrlaryň giň görnüşlerini hödürleýär. Müşderiniň talaplaryna laýyklykda, çadyrlar kondisionerler, halylar, stollar, oturgyçlar, sowadyjy ulaglar we ş.m. bilen üpjün edilip bilner. Kärendesine tutmagyň nyrhy çadyry eltmek, gurnamak we sökmek hyzmatlaryny hem öz içine alýar.

Çadyrlary kärendesine bermek hyzmatyndan başga-da, «Ak Ýol» göçme dabaralary gurnamak üçin dürli görnüşli hyzmatlar toplumyny, şol sanda baýramçylyk stoluny, dabaralarda tejribeli ofistanlaryň hyzmatyny we bezeg işlerini hödürleýär.

«Ak Ýolda» çadyrlary kärendesine tutmak üçin (+993 65) 41 41 40 belgä jaň edip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň