Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň edara binasy: tanyşlyk

23:0911.11.2015
0
2524

Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň täze açylan edara binalarynyň arasynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň edara binasy hem bar.

Bäş gatly binada muzeý hem bar. Onda 400 inedördül meýdanda ýurdumyzyň ajaýyp ýerleri we ýadygärlikleri barada  gürrüň berýän eksponatlar ýerleşdirilipdir. Maslahatlary hem-de forumlary geçirmek üçin bu ýerde 300 orunlyk maslahatlar zaly we 50 orunlyk kiçi mejlisler zaly göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem arhiw otagy, sport zaly, myhmanlar we işgärler üçin naharhana göwnejaý enjamlaşdyrylypdyr. Tutuş binanyň umumy meýdany 16,7 müň inedördül metre barabardyr. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň