Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň täze binasy

23:0611.11.2015
0
1543

Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynda gurlan edara binalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň täze binasy hem dabaraly ýagdaýda açyldy.

Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň täze binasynyň daşky keşbinde onda ýerleşen edaranyň işiniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Merkezi binanyň iki ganaty bolup, olaryň keşbi termometrleri ýatladýar.

Binanyň üçeginde ýerleşdirilen tehniki enjamlaryň – Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gidrometeorologiki maglumatlary kabul edýän ýörite enjamlaryň üsti binagärlik bezeg ulgamlary bilen ýapyldy.

Binanyň merkezi girelgesiniň ýokarsynda uly göwrümli monitor ornaşdyrylypdyr, onda her üç sagatdan üýtgeýän meteomaglumatlar, şeýle hem Türkmenistanyň tebigy landşaftlarynyň köpdürlüligi şöhlelendirilýär.

Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň täze binasynyň esasy aýratynlygy onuň tehniki üpjünçiligi bilen baglanyşyklydyr.  Diňe bir binanyň özünde – maglumatlary awtomatlaşdyrylan usulda ýygnaýan merkezde däl, eýsem, tutuş Türkmenistan boýunça, şol sanda deňiz we derýa gämilerinde ýerleşdirilen döwrebap enjamlaryň sanawy hem-de mümkinçilikleri haýran galdyrýar. Häzirki wagtda 100-den  gowrak gidrometeorologiýa beketleri bilen birlikde, 4 sany welaýat gidrometeorologiýa merkezi hem döredilýär.

Atmosferanyň metegörkezijileri baradaky maglumatlary yzygiderli ýygnamak we meteomaglumatlary döretmek işini Türkmenistanyň welaýatlaryndaky 28 sany we Aşgabat şäherindäki 2 sany awtomatiki beketler alyp barýarlar. Gullugyň ähli ölçeýiş we gözegçilik beketlerinden, onuň tutuş ýurdumyzdaky apparat ulgamyndan alynýan maglumatlar “Türkmengidrometiň” täze binasynda jemlener we olaryň üstünde işleniler.  Ýokary  öndürijilikli kompýuter toplumy, amerikan işläp taýýarlaýjylary tarapyndan döredilen iň täze serwer binýady ähli işiň özenini düzýär. Ýurdumyzyň çäginde mereorologiki gözegçilikleriň kömegi arkaly alynýan hasaplamalaryň, halkara maglumat merkezlerinden we emeli hemralardan alynýan hasaplamalaryň esasynda howanyň gysga möhletli hem-de orta möhletli çaklamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär.  

Dünýäniň önüm öndürijileriniň täze enjamlary “Türkmengidrometiň” işini ep-esli kämilleşdirmäge hem-de ýurdumyzyň çägi boýunça howanyň çaklamalarynyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň