Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi

12:0711.11.2015
0
2786

10-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi.

Duşuşykda birnäçe bilelikdäki taslamalary, hususan-da, Sarahs köprüsini, Sarahs—Tejen ýoluny gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmak, deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem  Eýran—Türkmenistan—Gazagystan demir ýolunyň üstaşyr kuwwatyny artdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Eýran—Türkmenistan—Ermenistan üçtaraplaýyn gepleşiklerini geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.  Eýranyň günortasyndan Hindistana üstaşyr geçelgäni gurmak, şeýle hem bu ýoluň ugruna Hytaý—Hindistan we Türkmenistan—Eýran böleklerini goşmak hakynda pikir alşyldy.

Myhman türkmen Lideriniň alyp barýan energetika syýasatyna ýokary baha bermek bilen, öz ýurdunyň strategiki nebitgaz ulgamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Abbas Ahmad Ahundi häzir bu hyzmatdaşlygyň diňe ikitaraplaýyn esasda däl-de, eýsem, köptaraplaýyn esasda guralýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine Eýranyň Prezidentiniň adyndan ýakyn wagtda geçiriljek Tebigy gaz çykarýan ýurtlaryň Baştutanlarynyň duşuşygyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak baradaky çakylygyny gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de myhman ýol gurluşygynda we şäher düzümlerini ösdürmekde özara bähbitli aragatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Abbas Ahmad Ahundi Aşgabady guramagyň 13-nji nobatdakysynyň açylmagynyň türkmen topragynda bolup geçýän uly özgertmeleriň deňsiz-taýsyz geriminiň nobatdaky subutnamasydygyny belledi.

Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň