Soňky habarlar

Arhiw

Daýahatyn kerwensaraýynyň 3D formatda durky täzelenilýär

11:3811.11.2015
0
4383

Lebap welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän XI-XII asyrlaryň arhitektura ýadygärliginde - Beýik Seljuklar eýýäminiň genji-hazynasy bolan Daýahatyn kerwensaraýynda rejeleýiş işleri geçirilýär. 
Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça Milli müdirliginiň bölüm müdiri, arhitektor Derkar Döwletowyň gürrüň berşi ýaly, ýadygärligiň gurulany bäri müňlerçe ýyllar geçipdir, onuň köp ýerleri we ajaýyp bezegleriniň köp ýerleri zaýalanypdyr. Taslamanyň esasy maksady diwarlaryň has howply böleklerini saklap galmakdan, örtmekden we ýüzüni timarlamakdan, şeýle hem kerwensaraýyň girilýän ýeri bolan gündogar tarapynyň daşyny we howlynyň öň tarapyny bölekleýin rejelemekden ybaratdyr. Bu gymmat bahaly arhitektura ýadygärliginiň ýitip gitmeginiň öňüni almaga, geljekde bolsa syýahatçylar bu ýere arkaýynlykda gelmeklerine hem-de ony geljekde ylmy taýdan öwrenmäge elýeterli bolmagyny üpjün eder. Mundan hem başga, kerwensaraýyň döräli bäri onuň dürli tapgyrlarynyň daşky görnüşi birnäçe görnüşde 3D formatda wirtual durky täzelenilýär. 
Daýahatyn Orta Aziýada oňat ýagdaýda saklanyp galan ýadygärlikleriň biridir. Şol döwrüň ýene-de iki sany ýadygärligi onuň bilen deň hatarda goýup bolar. Olar Samarkant bilen Buharanyň arasyndaky esasy ýoluň ugrunda ýerleşýän Rabatyň we Mäligiň - Garahanidleriň çöl rezidensiýasy we Sarahs bilen Nişapuryň arasyndaky daglarda ýerleşýän Rabat we Şarifdir. Olar kerwensaraýlardan Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän şäherlerinde we çöllük ýerlerde her 20-25 kilometrde gurulmagy bilen tapawutlanýar. Şeýle ýadygärlikleriň köpüsi ýitip gidipdir we olaryň iň monumentallary heniz gözýetimlerde seleňläp görünýär. 
Işler “ABŞ-niň ilçisiniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasynyň” çäklerinde geçirilýär. Bu Gazna 14 ýylyň dowamynda arhitektura-rejeleýiş işleri bilen baglanyşykly dürli taslamalaryň ýigrimisi töweregeni goldady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň