Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş alymlaryň bilim bäsleşigi geçirildi

22:3605.11.2015
0
5385

Türkmen oba hojalyk institutynda ýaş alymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy işleriň bäsleşigi geçirildi.

Eminleriň garamagyna işleriň 18-si hödürlenildi. Olar maldarçylyk, ekerançylyk, topraga gözegçilik, oba hojalygynda döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylyşy, suw çeşmeleri, oba hojalykdaky täzeçillikler ýaly temalary öz içine alýar.
 
Taslama işleriň bäsleşiginde agronomçylyk we weterinariýa fakultetiniň üçünji ýyl talyby Maksat Mirabowyň "PHP programma diliniň kömegi bilen elektron kitaphanany düzmek" atly işi eminleriň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ikinji orny gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň bäşinji ýyl talyby Begençberdi Orazberdiýewiň taslama işi eýeledi. Onuň taslama işi Türkmenistanyň demirgazyk sebitlerinde käşiri damjalaýyn usulda suwarmagyň tehnologiýasyna bagyşlanýar.

Ikinji orna mynasyp bolan başga bir iş bolsa Borland programmasy arkaly oba hojalygyna täzeçillikler girizmäge bagyşlanandyr. Ol agronomçylyk we weterinariýa fakultetiniň dördünji ýyl talyby HUmaý Çaryýewanyň işi. Bäsleşikde üçünji orna bolsa agronomçylyk we weterinariýa fakultetiniň talyplary Annatäç Saparowanyň we Aşyrgeldi Ataýewiň taslama işleri mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň