Şu gün Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

10:5005.11.2015
0
2013

2018-nji ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň we 2019-njy ýyldaky Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşygyna taýýarlyk görmek üçin 3-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerinde ugran Türkmenistanyň futbol ýygyndysy şu gün Abu-Dabi şäherinde BAE-niň ýygyndy topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen 19:15-de başlamagyna garaşylýar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň milli ýygyndysy yklymyň güýçli ýygyndylarynyň biri. Olar şu ýylyň ýanwarynda Awstraliýada geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldular. Häzir arap futbolçylary FIFA-nyň sanawynda 70-nji AFK-nyň sanawynda 5-nji orny eýeleýär.

— Şeýle güýçli topar bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek biziň milli ýygyndymyz üçin kämilligiň gowy mekdebi bolar — diýip, Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Amangylyç Koçumow «Türkmenportalyň» habarçysyna beren interwýusynda aýtdy. Tälimçi bu duşuşykda milli ýygyndymyzyň düzümine täze çagyrylan Ýewgeniý Tkaçenko («Şagadam»), Amir Gurbany («Balkan»), Serdar Geldiýew («Altyn asyr») ýaly futbolçylaryň topar bilen sazlaşykly oýun geçirip bilmek başarnygyny synamak isleýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysy soňky 10 duşuşygynyň 4-sinde ýeňiş gazandy, 2 duşuşyk deňlikde tamamlandy, 4 duşuşykda hem ýeňildi. Arap futbolçylary öz meýdanynda geçiren soňky iki duşuşygynyň ikisinde hem ýeňiş gazandylar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy soňky 10 duşuşygynyň 4-sinde ýeňiş gazandy, 5-sinde ýeňildi. Bir duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy. Ildeşlerimiz myhmançylykda geçiren soňky 5 duşuşygynyň diňe birinde ýeňiş gazanyp, 4-sinde asgyn geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň