"Kämillige tarap ýol" atly bäsleşik geçirildi

20:4904.11.2015
1
4268

4-nji noýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky "Daýanç" sagaldyş merkezinde çagalar bölüminde "Kämillige tarap ýol" atly bäsleşik geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalayklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde geçiren bäsleşigine ýurduň çar künjeginden gelen mekdep okuwçylary gatnaşdy.

Şadyýan bäsleşige gatnaşyjylar sungatyň aýdym aýtmak, saz surallarynda saz çalmak, tans sungaty ýaly görnüşleri boýunça başarnyklaryny görkezdiler. 
Bäsleşigiň eminleri ugurlar boýunça ýeňijileri kesgitlediler. Şeýlelikde, halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek boýunça Balkanabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Zybagül Mäterowa birinji orna mynasyp boldy. Halk saz gurallaryny sazlary başarjaňlyk bilen ýerine ýetiren Aşgabat şäherindäki 127-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Gaýgysyz Pürliýew eminler tarapyndan ikinji orna mynasyp görüldi. Üçünji orna bolsa nusgawy aýdym-saz eserlerini ýerine ýetiriji, Daşoguz şäherindäki 6-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýnabat Nepesowa mynasyp boldy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň