Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

23:0803.11.2015
0
1245

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Jon Forbs Kerri bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretary  uly  kuwwata eýe bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde däp bolan döwletara syýasy gatnaşyklary  pugtalandyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretary sebit we halkara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri  boýunça pikir alşyp, taraplaryň ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy   üpjün etmek, tutuş adamzady ynjalyksyzlandyrýan häzirki zamanyň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmak işinde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli  syýasatynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Bu syýasat Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy pugtalandyrmagyň hem-de durnukly ösüş üçin şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmaga, goňşy döwletiň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine saldamly  goşant goşýandygy bellenildi. Munuň özi anyk düzümleýin taslamalarda, şeýle hem owgan halkyna yzygiderli berilýän ynsanperwerlik kömeginde öz beýanyny tapýar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Forbs Kerri hoşlaşyp, iki döwletiň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň hem-de  oňyn hyzmatdaşlygyň taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk hem okgunly ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň