Türkmenistanyň Prezidenti Halkara söwda sergisine gatnaşyjylara Gutlag iberdi

21:5403.11.2015
0
1245

Hormatly Halkara söwda sergisine gatnaşyjylar! Mähriban adamlar!

Sizi şu ýyl ilkinji gezek geçirilýän Halkara söwda sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Şu gün öz işine başlaýan halkara serginiň Türkmenistanyň söwda ulgamynda alnyp barylýan işleriň hil taýdan täze derejä çykmagy üçin uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn!

Daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we söwda ulgamynyň işini kämilleşdirmek Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda alnyp barylýan durnukly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda bu ulgamda oňyn ösüşleriň gazanylýandygy bütin dünýäde ykrar edilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda oňyn ösüşler, hususan-da, senagat önümleriniň öndürilişiniň artmagy, maýa goýumlaryň hem-de daşary söwda dolanyşygynyň, aýratyn hem, onuň eksport böleginiň ýokarlanmagy bilen şertlendirilendir.

Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde, köp sanly täze, kuwwatly kärhanalar döredildi. Häzirki döwürde olarda harytşynaslyk we guramaçylyk, öňdebaryjy tejribäni, şol sanda öz önümlerini daşary bazarlarda ýerlemek babatdaky tejribäni öwrenmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Halkara söwda sergisine gatnaşyjylaryň her biri bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde gazanylan üstünliklere anyk göz ýetirip biler.

Halkara söwda sergisiniň esasy wezipeleri ýurdumyza maýa goýum serişdelerini çekmekden, ata Watanymyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakdan, hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamakdan, Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekden, şeýle hem eziz Diýarymyzdaky önüm öndürijileriň we hyzmatlary amala aşyrýan edaralaryň işini has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyklar, dünýäniň iň kämil tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler, durmuşyň dürli ugurlarynda edilýän ýokary derejeli hyzmatlar we beýleki ugurlarda gazanylan üstünlikler bizi buýsandyrýar. Bu bolsa, eziz Watanymyzyň häzirki wagtda uly üstünlikleri gazanýandygyny aýdyň görkezýär.

Halkara söwda sergisiniň dowamynda öndürýän önümlerini görkezýän döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalardyr guramalaryň wekilleri bilen bir hatarda, hususy telekeçiler üçin hem öz mümkinçiliklerini görkezmäge oňat şertler döredildi. Bu bolsa, eziz Watanymyzda söwda ulgamynyň işini durnukly ösdürmek we ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşini gazanmak babatda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň öz miwesini berýändigini görkezýär.

Halkara söwda sergisine gatnaşýan hormatly myhmanlar! Gadyrly dostlar!

Bu ajaýyp sergä gatnaşyp, söwda-ykdysady ulgamdaky ýeten sepgitlerimizi, gazanan üstünliklerimizi görenler halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, tutanýerliligi we yhlasly zähmeti ýörelge edinip, beýik işleri amala aşyryp bilýändigine göz ýetirerler.

Sizi Halkara söwda sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň