Soňky habarlar

Arhiw

Ronaldomy ýa Ibragimowiçmi?!

18:4203.11.2015
0
1726

UEFA Çempionlar ligasynda 2015/16 möwsüminiň toparçalardaky 4-nji oýunlaryna şu gün badalga berler. 8 duşuşyk şu gün gije oýnalsa, galan 8-i ertir geçiriler. Tapgyryň iň esasy 2 oýny Madrid hem-de Münhen şäherlerinde bolar. Duşuşyklar öňki başlanýan wagtyndan 1 sagat giç başlanýar.

Super ýyldyzlaryň duşuşygy (“Real Madrid”–“Pari Sen Žermen”; 00:45)

Häzirki zaman futbolynyň 2 uly ýyldyzynyň garşylykly oýny hasaplanylýan “Real Madrid” – PSŽ duşuşygynda angliýaly Mark Klatenburg jürlewük çalar. Ähli ýaryşlary-da hasaba alanyň, möwsümiň ýeňlişsiz 2 klubunyň arasyndaky bu duşuşyk tapgyryň iň esasy oýny diýlip bellenilýär. Pariždäki oýunda deňme-deň oýnan iki klub mundan ozal, jemi 5 duşuşyk geçirdi. Şolaryň 2-sinde PSŽ, 1-inde “Real Madrid” ýeňiş gazandy. 2 oýnam deňlikde tamamlanypdy. Iki klub hem öz taryhlaryndaky iň köp gol geçiren ýyldyzlaryna – Ronaldo bilen Ibrahimowiçe bil baglaýar. 2 ýyl mundan ozal, noýabr aýynda (2014 – Dünýä çempionatynyň pleý-off oýnunda) milli ýygyndyda Ronaldonyň döwüniň rüstem gelendigini ýatladýarys. Şeýle-de 4 möwsüm “Realyň” köýnekçesini geýen Anhel Di Mariýa köne toparynyň garşysynda meýdança çykar we bu onuň üçin özboluşly duýgy bolar.

Iň bolmanda Ýewropa ligasy (“Şahtýor”–“Malmö”; 00:45)

Çempionlar ligasyna şowsuz başlan Doneskiň “Şahtýory” öz meýdançasynda “Malmö” toparyny kabul eder. Özüne gerek bolan hasap bilen ýeňiş gazanyp, iň bolmanda, UEFA Ýewropa ligasyna gatnaşmagy arzuw edýän “Şahtýor” 1-nji duşuşykda “Malmöden” 1-0 hasabynda utulypdy. Ukrain klubunyň entegem Çempionlar ligasynda ýaryşy dowam etdirmäge mümkinçiligi bar. Ýöne “Realdyr” PSŽ-deň öňe geçip muny başarmajakdygy göze görnüp dur. Şol sebäpli Ýewropa ligasyny nazarlaýan “Şahtýor” bilen “Malmöniň” oýnuna rumyniýaly Owidiu Hasegan eminlik eder.

Koku toparyndan umytly (PSW–“Wolfsburg”; 00:45)

Gollandiýanyň çempionatynda öz meýdançasyndaky soňky 2 duşuşygynyň hersinde 6 goldan geçiren PSW 1-nji oýunda “Wolfsburgdan” 2-0 hasabynda utulypdy. Eger-de biz ýaryşy dowam etdirmekçi bolsak, onda biz özümize gereke bolan netijäni gazanmalydyrys diýen PSW-niň tälimçisi Filip Kokunyň toparyndan tamasy uly. 6 utuk bilen toparçada 1-nji hatarda barýan “Wolsfburg” welin, myhmançylykda ýeňiş gazanyp, 2-nji tapgyryň bosagasyndan ilkinji ädimini ätmek isleýär. “Bu oýun 2 toparyň arasyndaky 2-nji oýun bolup, şu duşuşykda şwesiýaly Ýonas Eriksson jürlewük çalar.

6 ýyl ozal, edil şu günde 3–3 gutarypdy (“Mançester Ýunaýted”–“SSKA Moskwa”; 00:45)

Yzygiderli ýeňişler gazanyp bilmeýän “Mançester Ýunaýted” meşhur “Old Traffordda” Moskwany SSKA-sy bilen güýç synanyşar. Mundan iki hepde öň Moskwada oýnalan oýunda topar 1 utugy paýlaşypdy (1-1). “Mançester Ýunaýted” şondan bäri (Antoni Marşialyň golundan bäri) oýnan 3 oýnunda gol geçirip bilmedi. Ýagny dünýä belli uly klubuň oýunçylary 325 minutdan bäri topy derwezä girizip bilenok. Beýleki bir tarapdanam “Ýunaýtediň” tälimçisi Wan Gaalyň “ähli tarapdan taýýarlykly” diýip beýan edýän SSKA-sy Russiýanyň ýokary ligasynda 10 oýunlap utulman gelýär. Iki klub 6 ýyl ozal, 2009-njy ýylda-da toparçalarda duşuşypdy. Şonda “Old Traffordda” edil şu gün, ýagny 3-nji noýabrda oýnalypdy we duşuşyk 3–3 gutarypdy. 1-nji oýunda “Ýunaýted” myhmançylykda 1–0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Duşuşygyň emini polşaly Simon Marsiniak bolar.

Ýer eýeleri azyndan 1 utuk gazanmak isleýär (“Astana”–“Atletiko Madrid”; 20:00)

Tapgyryň iň ir başlanýan oýnunda “Astana” öz janköýerleriniň özünde ispanlaryň uly kluby “Atletikony” kabul eder. Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanjak oýunda angliýaly Entoni Teýlor jürlewük çalar. 1-0 oýunda 4-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Atletiko” üçin esasy endişeli ýagdaý uzyn ýolagçylyk hem-de ýurtdaky sowuk howa. Gazak toparynyň maksady bolsa, öz meýdançasynda iň bolmanda, ýene-de 1 utuk gazanmak.

3-nji gezegem ýeňmek isleýär (“Benfika”–“Galatasaraý”; 00:45)

Birinji duşuşykda myhmançylykda 2-1 hasabynda utulan “Benfika” özüniň owadan stadionynda “Galatasaraý” bilen güýç synanyşar. Öz milli çempionatlaryndaky soňky oýunlaryny 4-0 hasabynda ýeňen 2 toparam ýeňşe ymtylýar. Iň soňky sapar 2013-nji ýylda myhmançylykda ýeňiş gazanan “Galatasaraý” 2008-nji ýylda “Benfikany” myhmançylykda, UEFA kubogynyň çäklerinde 2–0 hasabynda utupdy. Dartgynly bolmagyna garaşylýan oýna serbiýaly Milorad Maziç eminlik eder.

“Men jadygöý däl” (“Borussia M.”–“Ýuwentus”; 00:45)

Turinde “Ýuwentus” bilen 0-0 hasabynda deňme-deň oýnan liganyň debýutantlaryndan “Borussia M.” topary öz meýdançasynda ýeňiş gazanmagy maksat edinýär. Tälimçisi çalyşany bäri, ýagny, 6 oýunlap ýeňilmän gelýän nemes klubunyň tälimçisi Andre Şubert: “Men Potter ýaly jadygöý däl. Elbetde, ýeňmek üçin elimizden geleni gaýgyrmarys” diýip, çykyş etdi. Milli çempionatdaky oýunlarynda yzygiderli ýeňişlerden uzak bolan “Ýuwentus” bu oýunda utsa, şol sanda beýleki duşuşykda-da “Mançester Siti” “Sewilýany” ýeňse, iki klub hem ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanar. Mundan 40 ýyl ozal iki topar şol wagtky Çempion klublarynyň kubogy ýaryşynda (häzirki Çempionlar ligasy) 2-nji tapgyrda “Borussia M.” topary Ýuwentusy ýaryşdan çykarypdy. Öz meýdançasynda 2-0 hasabynda utan nemesler Turinde 2-2 hasabynda deňme-deň oýnapdy. Duşuşygyň emini gollandiýaly Býörn Kuipersdir.

10 oýundan bäri utulanok (“Sewilýa”–“Mançester Siti”; 00:45)

Norwegiýaly Swen Oddwar Moeniň eminlik etjek oýnunda “Sewilýa” öz meýdançasynda “Mançester Siti” toparyny kabul eder. Soňky 11 oýnunda diňe 1 duşuşykda gol geçirtmedik “Sitiniň” hatarynda Aguerodyr Dawid Silwanyň oýnap-oýnamajakdygy häzirlikçe belli däl. Angliýadaky oýun Kewin de Bruýnuň 90+1-nji minutdaky ýeňiş golundan soň, “Sitiniň” 2-1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. “La Ligada” garaşylýan netijäni görkezip bilmeýän “Sewilýa” Ýewroligalardaky soňky 10 oýnunda öz meýdançasynda ýeňiş gazandy. Myhmançylykda gowy oýnadyk, ýöne ýeňildik. Ikinji tapgyra çykmak isleýän bolsak, onda biz şol oýundanam has gowy oýnamaly diýen Unaý Emeri Pellegrininiň tälimçiligindäki toparlary öň 3 sapar ýeňipdi. Pellegrinide welin, bu görkeziji 4-e deňdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň