Soňky habarlar

Arhiw

Küşt we şaşka boýunça bäş günläp geçirilen ýaryş tamamlandy

14:0903.11.2015
0
2768

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryna degişli «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça intellektual oýunlaryň muşdaklarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryş Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna bagyşlanyp, onda ýurduň Mümkinçiligi çäkli türgenleriň merkezi klubynyň türgenleri bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň wekilleri bar.

Küştçüleriň we şaşkaçylaryň arasyndaky ýaryşlar aýlawlaýyn ulgam boýunça geçirildi. Ýaryşlara tejribeli eminler gözegçilik etdi.

Balkan we Lebap welaýatlaryndan hem-de Aşgabatdan gelen türgenler küşt boýunça geçirilen ýaryşda has şowly çykyş edip, bäsdeşlerinden öňe saýlanmagy başardylar. Netijede, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndan gelen küştçüler Amangelen Annaýew, Gaýgysyz Tagyýew, Gurban Durdyýew we Ogulgurban Garajanowa dagylar Balkan welaýatynyň toparynyň birinji orna mynasyp bolmagyna uly goşant goşdular. Ikinji orna paýtagtly küştçüler mynasyp boldy. Iň güýçlüleriň üçlügini bolsa, lebaply küştçüler jemledi.

Lebap welaýatynyň topary şaşka boýunça geçirilen ýaryşda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdylar. Ikinji, üçünji orunlary bolsa, degişlilikde Mary welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň türgenleri eýelediler.

Küştdür şaşka ýaryşlaryndan daşary toparlaryň arasynda woleýbol boýunça ýaryşlar hem geçirildi. Netijede, Mary welaýatynyň topary ähli bäsdeşlerinden üstün çykmagy başardy. Kümüş we bürünç medallara bolsa lebaply hem-de balkanly türgenler mynasyp boldular.

Ýaryşyň ahyrynda ony guraýjylar tarapyndan ýeňijilere medallar, Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Şol sanda iň gowy topara Türkmenistanyň Kubogy dabaraly ýagdaýda berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň