Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-amaly žurnalyň täze sany neşir edildi

02:3103.11.2015
0
1491

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň belent münberinden aýdan sözleri ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-amaly žurnalyň çapdan çykan nobatdaky sanynyň şygaryna öwrüldi.

Žurnal Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň işine gatnaşmagyna hem-de şol saparyň çäklerinde Nýu-Ýorkda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklara bagyşlanan makalalaryň ýygyndysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň umumydünýä maslahatynyň münberinden sözlän sözüniň ýerleşdirilmegi bilen açylýar.

2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Haýns Fişer bilen söhbetdeşlik hem žurnalyň sahypalarynda orun alypdyr. Ony “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň redaksiýasyna “Galkynyş” žurnalynyň neşir edijisi hem-de baş redaktory Neda Berger hödürledi.

Žurnalda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň rektory Nurlan Aýtmurzaýewiň,  daşary ýurtlarda işleýän türkmen diplomatlarynyň, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň makalalaryna hem giň orun berlipdir.

Üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde makalalary çap edýän žurnal Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, öz baş wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň