Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmentelekom" müşderilerine gije ýokary tizlikdäki çäksiz internet hyzmatyndan peýdalanmagy hödürleýär

23:4802.11.2015
0
3233

"Türkmentelekom" döwlet aragatnaşyk kärhanasy 2015-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, müşderilerine "Gije" atly täze internet hyzmatynyň ýola goýlandygyny mälim edýär. Müşderiler gije sagat 01:00-dan irden 08:00-a çenli hereket etjek hyzmatyň üsti bilen 128 Kbit/s tizlikdäki internet hyzmatyny 512 Kbit/s çenli, 256 Kbit/s tizlikdäki internet hyzmatyny 1024 Kbit/s çenli, 512 Kbit/s tizlikdäki inetnet hyzmatyny 2048 Kbit/s çenli  artdyrylan görnüşde ulanyp bilerler.

Munuň üçin müşderi öz ulanýan internet bukjasyna laýyklykda 130, 280 ýa-da 630 manatlyk tölegleri geçirýär. Ýagny bu hyzmat üçin adaty bukjanyň bahasyna bary-ýogy 30 manat goşulýar. Ýöne müşderiler bu hyzmatyň üsti bilen ýokary tizlikdäki çäksiz internet hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň