Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde sözlän sözi we şol mejlisiň çäklerinde geçiren duşuşyklary täze neşirde jemlendi

17:5802.11.2015
0
1400

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan täze kitap neşir edildi. «Täze müňýyllyga türkmen taglymaty» diýlip atlandyrylýan neşir Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde sözlän sözüni we bu mejlisiň çäklerinde BMG-niň hem-de dünýä döwletleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklaryny öz içine alýar.

Täze neşirde Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisinde sözlän sözi bu bütindünýä guramasynyň esasy dilleriniň sekizsinde, geçiren duşuşyklarynyň beýany üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde berilýär.

Täze neşir syýahatçylar, taryhçylar, talyp ýaşlar we giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň