Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

23:5001.11.2015
0
3219

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Kogalymawia” rus awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň