Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 43 million 217 müň dollaryndan gowrak boldy.

23:2231.10.2015
0
3716
Daşary ýurt walýutasyna Germaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar, yşyklandyryjy we tehniki kerosini satyn aldylar. Daşary ýurt puluna nah ýüplük, pagta süýümi, pagta ulýugy we linti satyldy. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Şweýsariýa, BAE, Malta. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 43 million 217 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine şweýsariýaly, türkiýeli we pakistanly işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 2 million 740 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar. “Türkmenistan: hepdäniň wakalary”, TDH.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň