Soňky habarlar

Arhiw

Ukrainanyň Prezidentiniň aýaly Marina Poroşenko Halkara Kardiologiýa merkezine baryp gördi

15:2430.10.2015
0
1995

29-njy oktýabrda Türkmenistana resmi sapar mahalynda ýanynda bolýan Ukrainanyň Prezidentiniň maşgalasy Marina Poroşenko Halkara Kardiologiýa merkezine baryp gördi.

Myhman lukmançylyk merkezi bilen tanşyp, onuň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylyşyna hem-de bu ýerde döredilen, täsin operasiýalary geçirmäge we näsaglara ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän degişli lukmançylyk hyzmatlaryny etmäge mümkinçilik berýän şertlerine ýokary baha berdi.

Ukrain Lideriniň maşgalasy üçin medeni maksatnama guraldy. Bu maksatnama paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmak, şol sanda çeper halyçylyk sungatynyň hakyky genji-hazynasy bolan Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmek çäreleri girizildi. Myhman türkmen halyçylarynyň ajaýyp däpleriň esasynda döreden täsin halylaryna haýran galýandygyny aýtdy. Şol däpler bolsa köp asyrlaryň dowamynda aýawly saklanylýar hem-de häzirki wagtda täze pikirler we bezeg çözgütleri bilen baýlaşdyrylýar. Marina Poroşenko paýtagtymyzyň  Garaşsyzlyk seýilgähindäki “Altyn asyr” söwda merkezine hem baryp gördi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň