Aşgabadyň ýerasty inženerçilik-aragatnaşyk ötüginiň ikinji tapgyry işe girizildi

23:0529.10.2015
0
3721

29-njy oktýabrda Aşgabatda şäher düzüminiň möhüm desgasynyň nobatdaky bölegi — ýerasty inženerçilik-aragatnaşyk ötüginiň ikinji tapgyry ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, Ukrainanyň hökümet wekiliýetiniň we işewür toparlarynyň wekilleri, ötügiň gurluşygyny alyp barýan “Interbudmontaž”  gurluşyk assosiasiýasynyň işgärleri, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu maksatnamanyň esasy maksady Aşgabat şäherini dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek bilen çäklenmän, eýsem, ony sebitiň we dünýäniň ýaşamak üçin örän oňaýly şäherleriniň birine öwürmekden, adamlaryň önjeýli işlemegi we dynç almagy üçin täze durmuş şertlerini üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu toplumlaýyn maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde türkmen paýtagtynyň keşbi okgunly özgerip, onda binagärlik we inženerçilik-tehniki pikiriň häzirki zaman meýilleri hem-de milli şäher gurluşygynyň gadymy däpleri sazlaşykly utgaşýar.

Inženerçilik-kommunikasion ötügi gurmagyň taslamasy hem okgunly ösýän Aşgabat üçin uly ähmiýete eýedir. Onuň amala aşyrylmagyna umumy alnanda eýýäm ABŞ-nyň 682, 5 million dollaryndan gowrak serişde sarp edildi. Bu taslama ukrainaly hünärmenler —“Interbudmontaž”  gurluşyk assosiasiýasynyň işçi-gurluşykçylary bilen amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde birinji tapgyrda diametri 3 we 6 metr bolan zeý suw  akabalarynyň 25 kilometrden gowragy çekildi.

Häzir işleriň ikinji tapgyry tamamlanyp, onuň barşynda paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde diametri 6 metr bolan şor suw akabasynyň 3, 8 kilometre golaýy guruldy, kuwwaty bir-gije gündizde 300 müň kub metre deň bolan zeý suwlaryny arassalaýan lagym desgasy, elektrik bekedi, uzynlygy 2, 1 kilometrden gowrak bolan  ýagyş suwlaryny ýygnaýan ulgam we beýleki desgalar bina edildi.

Häzirki wagtda zeý suw akabasynyň gurluşygy şäheriň günbatar böleginde dowam edýär. Bu ýerde diametri 6 metr bolan şor suw akabasynyň 5 kilometre golaýy çekiler, zeý suwlaryny ýygnaýan guýularyň 4-si, suw toplaýjylaryň 8-si, dispetçerçilik nokady, zeý suw geçiriji ulgamy dolandyrmak üçin dolandyryş binasy gurlar.

Jemagat düzümini ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça bu inženerçilik taslamasynyň çäklerinde uly şäheriň ýerasty “gaty” gurulýar, bu ýerde elektrik, telefon, suw geçiriji we zeý suw akabalarynyň ýüzlerçe kilometri çekilýär. Şunda innowasion we ýokary tehnologik çözgütler, öňdebaryjy işläp düzmeler, ylmy pikiriň gazanylanlary ulanylýar.

Taslamanyň amala aşyrylmagy paýtagtymyzda zeý suwlarynyň derejesini peseltmäge, Aşgabat şäheriniň inženerçilik-kommunikasion ulgamlaryny halkara standartlarynyň derejesine çykarmaga, ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş-üpjünçilik meselelerini geljek onlarça ýyllar üçin toplumlaýyn çözmäge  mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň