Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýanyň ilçihanasy dalaşgärleriň 2016—2017-nji okuw ýyly üçin “Çiwning” (Chevening) talyphakly maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar

16:3529.10.2015
1
10170

Beýik Britaniýanyň ilçihanasy dalaşgärleriň 2016—2017-nji okuw ýyly üçin “Çiwning” (Chevening) talyphakly maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu Internet üsti bilen ýerine ýetirilýär.

Maksatnama Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilip, bir ýylyň dowamynda mugallymlary taýýarlamak we iňlis dilini öwrenmek okuwlaryndan başga dürli ugurlar boýunça Birleşen Korollykda magistr derejesini almaga mümkinçilik berýär. Talyphaky ulag, şeýle hem ýaşama we okuw çykdajylarynyň üstüni ýapýar.

Üstünlikli dalaşgärler öz hünär ýolunyň başynda ýa-da ortasynda bolmalydyrlar we iňlis dilini suwara bilmelidirler.

Isleg bildirýänleriň ählisi öz hususy loginini we parolyny döretmek arkaly www.chevening.org web-saýtynda elektron anketalary doldurmalydyrlar. www.chevening.org web-saýty internete girip hem-de ähli web-brauzerler bilen işläp bilýänleriň hemmesi üçin elýeterlidir.

Internetde anketany dogry doldurmak bilen baglanyşykly has doly maglumaty siz ýokarda görkezilen web-saýta ýa-da Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň https//:www.gov.uk/government/world/turkmenistan saýtyna girip alyp bilersiňiz.

Islendik beýleki sowallar boýunça siz Beýik Britaniýanyň ilçihanasy bilen şu salgy boýunça habarlaşyp bilersiňiz: Aşgabat ş. “Ak Altyn” myhmanhanasy, 3-nji gat, Bilding ofisi, telefonlary: 36-34-62/63/64/66.

Anketalar Internetde doldurylyp, 2015-nji ýylyň 3-nji noýabryna çenli tabşyrylmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň