Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ukrainanyň Prezidentiniň Bilelikdäki Beýannamasy

15:4129.10.2015
0
3145

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2015-nji ýylyň 28—29-njy oktýabrynda Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň Türkmenistana resmi sapary boldy.

Duşuşygyň dowamynda Prezidentler ynanyşmak, özara hormatlamak, açyklyk we ikitaraplaýyn bähbit esasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Ýokarda görkezilen kadalary goldanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda, döwletleriň Baştutanlary ýokary derejede syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de güýçlendirmegiň, söwda-ykdysady, energetika, maliýe, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler.

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleri dünýä giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Iki ýurduň ýolbaşçylary Türkmenistan we Ukraina agzalary bolup durýan köptaraply hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň we birek-biregi goldamagyň zerurdygyny bellediler. Taraplar ählumumy meseleler çözülende dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň edaralarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini tassykladylar.

Taraplar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we düzgünlerini, şol sanda döwlet özygtyýarlylygy, çäkleriniň bitewüligi, serhetleriň bozulmazlygy, birek-biregiň içerki işlerine goşulyşmazlyk, şeýle hem jedelleri parahatçylykly ýol bilen düzgünleşdirmek kadalarynyň berjaý edilişine özleriniň ygrarlydyklaryny tassyklaýarlar.

Iki ýurduň Baştutanlary sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.

Döwletleriň Baştutanlary terrorçylyk, guramaçylykly jenaýatçylyk we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy ýaly serhetüsti howplara we töwekgelçiliklere garşy göreşde tagallalary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen şu duşuşygynyň iki ýurduň arasynda dürli pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdiginiň ykrar edilendigi bellenildi.

Prezidentler halkara söwdasynyň umumy ykrar edilen düzgünleri we kadalary esasynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasynda ikitaraplaýyn söwdanyň möçberlerini yzygiderli artdyrmagy üpjün etmäge, onuň gurluşyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin görnüşlerini ösdürmäge, maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga özara çalyşýandyklaryny tassykladylar.

Iki döwletiň Baştutanlary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň, hususan-da, geljegi uly bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde möhüm ornunyň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamynda, ilki bilen, giň möçberli üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde anyk netijeleri gazanmak maksady bilen, Toparyň işini mundan beýläk-de işjeň alyp barmak bellenildi. Döwletleriň Baştutanlary hojalygy ýöredijileriň arasynda gatnaşyklary güýçli depginler bilen ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Prezidentler Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer alyşmalary ösdürmegiň iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlugy, hormatlamagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam berýändigine ynanýandyklaryny beýan etdiler. Taraplar medeniýet, ylym, bilim, syýahatçylyk we sport babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Iki döwletiň ýolbaşçylary Ukrainada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, şeýle hem Türkmenistanda Ukrainanyň Medeniýet günlerini geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi ylalaşdylar.

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.

Ukrainanyň Prezidenti Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen Türkmenistanyň Prezidentini gutlady hem-de bu hukuk ýagdaýyny Ukrainanyň goldaýandygyny tassyklady.

Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenko ukrain wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik, mähirli we dostlukly kabul edişlik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Ukraina sapary amala aşyrmaga çagyrdy.

Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň anyk möhletleri diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.

Türkmenistanyň Prezidenti                                  Ukrainanyň Prezidenti       
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.                       Pýotr POROŞENKO.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň