Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp Halkara atçylyk sport toplumynda dabaralar geçirildi

08:5829.10.2015
0
6580

28-nji oktýabrda ir bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk şanly senesine bagyşlanan dabaralar geçirildi.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlaryna degişli ak öýler oturdylyp, türkmen aýdym-sazlarynyň owazy belentden ýaňlanýar. Körpeleriň we hormatly ýaşulularyň tomaşa edýän aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu ýerde guralan bezegli ak öýüň öňündäki meýdançada bagşy-sazandalaryň belent ruha beslenen owazlary ýaňlanýar. Hormatly ýaşulular öz aralarynda keçe-keçe oýnaýarlar. Bu ýerde Küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi bolsa guralan baýramçylyk dabaralarynyň ruhuny göterdi. Körpeler aşyk oýny boýunça bäsleşýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde ýaş suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, ýurdumyzyň çeperçilik okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň işlerinden düzülen sergisini synlady. Bu ýerde görkezilýän işleriň, esasan,  behişdi bedewlere bagyşlanandygyny, olaryň milli atçylyk sungatyny wasp edýändigini bellemeli.

Ýeri gelende aýtsak, milli göreş halk baýramçylygynyň, türkmen toýlarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Halkara atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasynda guralan milli göreşe türkmen pälwanlary işjeň gatnaşdylar.

Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, aýdym-saz toparlarynyň, ýaş artistleriň çykyşlary hem ýaýbaňlandyryldy. Olarda milletiň buýsanjyna öwrülen “behişdi bedewleriň” — ahalteke atlarynyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagy ugrunda tagalla edýän Arkadag Prezidentiň beýik işleri wasp edildi.

Soňra at çapyşyklaryna badalga berildi. Bu gezek ahalteke bedewleri at çapyşyklarynyň 7-sinde özleriniň dürli aralyklary geçmekde ýyndamlygyny görkezdiler.

Birinji çapyşyk Türkmenistanyň maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamynyň goýan baýragy ugrunda boldy. Oňa üç ýaşar bedewleriň 10-sy goşuldy. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Mübärek atly bedew birinji gelmegi başardy. Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary K.Agamyradowyň seýislän bu bedewini ussat çapyksuwar T.Babaýew çapdy. Mübärek 2400 metr aralygy 2 minut 47,6 sekuntda geçmegi başardy. Bu ýaryşda ikinji orna D.Kowusowyň hojalygyna degişli Owadanguş, üçünji orna bolsa Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugyna degişli Darkesen düşdi.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň baýragy ugrunda geçirilen ikinji çapyşygyň menzili hem 2400 metr boldy. Gyzykly geçen bu çapyşyga goşulan 10 atyň içinden Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli Ýalta atly gara at bu aralygy 2 minut 42 sekuntda geçip, çapyşygyň baş baýragyna mynasyp boldy. Ussat seýis B.Babaýewiň seýislän bedewini B.Berdimuhammedow çapdy. Bu çapyşykda A.Amanlyýewiň hojalygyna degişli Körpäm atly dor at ikinji orna düşdi. Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumyna degişli Nesip atly mele bedew üçünji baýrakly orna düşmegi başardy.

Ýurdumyzyň söwda toplumynyň goýan baýragy ugrunda geçirilen üçünji çapyşykda bedewler 2800 metr aralyga goşuldylar. Şonda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli Senem atly gara dor bedew birinji gelmegi başardy. Türkmenistanyň at gazanan atşynasy B.Hydyrowyň seýislän bu bedewini J.Hydyrow çapdy. Senem bu aralyga 3 minut 15,3 sekunt wagt görkezdi. Bu çapyşykda N.Japarowyň hojalygyna degişli Senemgül ikinji bolup geldi. Türkmenistanyň Senagat ministrligine degişli Köpetdag atly bedew üçünji baýrakly orna düşdi.

Dört we uly ýaşar bedewleriň goşulan dördünji çapyşygynyň menzili 3000 metr boldy. Onda bedewleriň 10-sy Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň baýragy ugrundaky bäsleşiklere goşuldylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Keýmirdon atly mele bedew bu aralygy 3 minut 30,3 sekuntda geçmegi başardy. Onuň seýsi Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary K.Agamyradow, çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow. Ýaryşda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Gerçek atly bedew ikinji, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Gyrgaplaň bolsa üçünji baýrakly orunlara düşdi.

Bäşinji çapyşykda hem menzil 3000 metr boldy. Ýurdumyzyň gurluşyk we energetika toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirilen bu bäsleşikde hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gumman atly bedew birinji geldi. Ussat çapyksuwar T.Babaýewiň çapan bedewini Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary K.Agamyradow seýisledi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Garlawaç ikinji, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Serkerde bolsa üçünji baýrakly orunlara düşdüler.

Dört we uly ýaşar bedewleriň goşulan altynjy çapyşygynyň menzili 3200 metr boldy. Türkmenistanyň senagat toplumynyň baýragy ugrunda geçirilen bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kemer atly dor at bu aralygy 3 minut 43,5 sekuntda geçip, birinji gelmegi başardy. Ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan Kemerini bu ýaryşa Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary K.Agamyradow taýýarlady. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna degişli Jygalybeg bu ýaryşda ikinji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli Hanpolat üçünji baýrakly orny eýelemegi başardy.

Dört we uly ýaşar bedewleriň 10-synyň gatnaşmagynda geçirilen jemleýji bäsleşigiň menzili 2800 metr boldy. Bedewler bu ýaryşda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli yglan eden baş baýragy ugrundaky çapyşyga goşuldylar. Örän çekeleşikli we gyzykly geçen bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dalbedew atly dor at birinji gelmegi başardy. Ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan bedewi bu aralyga 3 minut 21,4 sekunt wagt görkezdi. Ony bu günki ýaryşa Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary K.Agamyradow taýýarlady.

Baýramçylyk mynasybetli geçirilen aýlawyň jemleýji çapyşygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli Meleje atly mele at ikinji orna mynasyp boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gurgun atly gara bedew üçünji baýrakly orna düşmegi başardy.

Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çapyşyklarynyň hemmesi örän çekeleşikli we gyzykly boldy.

Baýramçylyk çapyşyklarynda ýeňiş gazanan bedewlere degişli baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Geçirilen ýedi çapyşykda birinji orna düşen bedewleriň çapyksuwarlary ýeňil awtoulaglaryň açarlaryny ýüzüne sylyp, döredilýän ajaýyp mümkinçilikler, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek we atşynaslar barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň