Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne Pakistanda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.