Soňky habarlar

Arhiw

Marylylar saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda bassyr ikinji ýyl woleýbol boýunça Kubogy eýelediler

13:5527.10.2015
0
3295

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň sport zalynda saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda woleýbol boýunça däbe öwrülen Kubok ýaryşy geçirildi. Türkmen döwletiniň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan bäsleşigi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy gurady.

Ýaryş alty toparyň — ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda aýlaw görnüşinde geçirildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Mamajan Garlyýewanyň belleýşi ýaly, duşuşyklaryň ählisi çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Woleýbolçylar öz köp sanly janköýerleriniň goldawy astynda uly höwes bilen oýnadylar. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ýaryş tertibinde öňdäki orny bassyr ikinji ýyl Mary welaýatynyň woleýbolçylary eýelediler. Ikinji üç üçünji orunlara degişlilikde Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň ýygyndy toparlary mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň