Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen manadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçiriler

13:2727.10.2015
0
1719

Ýakyn günlerde türkmen manadynyň dolanyşyga  girizilmeginiň 22 ýylygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 26-njy oktýabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde öňde boljak forumyň maksatnamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlendi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ygtybarly bank ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygyna bagyşlanan bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň