Türkmenistandan Owganystana täze demir ýol ugry çekilýär

13:1827.10.2015
0
2061

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 26-njy oktýabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde “Atamyrat—Ymamnazar—Akina” halkara demir ýolunyň gurluşygynyň depginleri barada habar berildi. Bu ýoluň uzynlygy 88 kilometre deňdir.

Demir ýoluň türkmen böleginde gurluşyk işleri Demir ýol ulaglary ministrliginiň degişli edara-kärhanalary tarapyndan alnyp barylýar. Bu ýoluň ugrunda iki sany demir ýol köprüsiniň gurluşygy amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu halkara demir ýolunyň ugrunda iki sany demir ýol bekedini  gurmak üçin potratçy kompaniýany seçip almak boýunça geçirilen halkara bäsleşiginiň jemlerine pudagara topary tarapyndan seredilýär.

Ýakyn wagtda Ymamnazardan Owganystanyň Akina ilatly ýerine çenli çäkdäki 3 kilometrlik bölekde işleri dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň