Nebitiň bir barreli üçin nyrhyň 100 dollara ýetmegi ösüp barýan ýurtlaryň hümmetsizlenmäni we göterim stawkalaryny peseltmäge bolan umytlaryny puja çykaryp biler diýip, «Bloomberg» neşiri hünärmenleriň pikirini getirýär.
Netijede, bu ýurtlaryň aktiwleri hümmedini ýitirip biler. Bu eýýäm özüni bildirýär, sebäbi nebitiň gymmatlamagy bilen, ösýän ykdysadyýetlerde hümmetsizlenmäniň peselmegi haýallady diýip, «GlobalData TS» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň biri Jon Harrison aýdýar.
Uglewodorodlaryň importyna garaşly ykdysadyýetler has ýaramaz ýagdaýda galarlar diýip, «Tellimer» kompaniýasynyň hünärmeni Hasnaýn Malik nygtaýar. Olar Hindistan, Filippinler we Pakistan ýaly ýurtlardyr. Nebitiň gymmatlamagy bu ýurtlarda hümmetsizlenmäni we býujet ýetmezçiligini güýçlendirer, milli pullar güýçden gaçar we karz obligasiýalaryň düşewüntliligi artar.
«Nomura» kompaniýasynyň seljerijileri bu töwekgelçiligiň, esasan, Hindistana howp salýandygyny belleýärler.
Nebitiň gymmatlamagy bilen baglylykda, ýurtlaryň birgideninde jemi içerki önümiň ösüşiniň togtamagy netijesinde dünýä ykdysadyýeti hem ýitgi çekip biler.
«Bloomberg» neşiri awgustyň ahyrynda dünýäde dizel ýangyjynyň gytlyk edýändigini hasaba alypdy.