Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVIII konferensiýasyna gatnaşyjylar gürrüň berýärler

17:5225.10.2015
0
4517

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVIII konferensiýasyna gatnaşyjy, pakistanly işewür Muhammetrahym Ödegylyç:

— Men 1992-nji ýyldan bäri ata Watanyma gelýärin. Bu — meniň üçin uly bagt. Ine, bu gezegem men Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda çagyrylan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVIII konferensiýasyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.

Her gezek ata Watanyma gelenimde türkmenistanlylaryň ýüz-gözlerindäki bagtyýarlygy, gün-günden özgerýän ak mermer şäher Aşgabadyň gözel keşbini synlap şatlykly duýgulary başdan geçirýärin.

Gysga wagtda paýtagtyň ulag düzüminiň tanalmaz derejede özgermegi aýratyn täsir galdyrdy. Ýaňy-ýaňylaram Aşgabada gelenimde ýollaryň çatryklarynyň ulaglardan ýaňa hyň berýändigini görerdim. Indi täze ýollaryň, häzirki zaman köprüleriniň gurulmagy bilen, olar düýbünden täze keşbe eýe bolupdyr, awtoulag dykynyny hem görjek gümanaň ýok. Bu ugurda alnyp barylýan işler bolsa indiki gezek gelenimizde mundanam gowy boljakdygyna güwä geçýär.

Häzirki günde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýyldyrym çaltlygynda özgermek bilen, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda täze belentliklere eýe bolýar. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistana bolan ilkinji sapary, onuň ýany bilen 50-den gowrak iri ýapon kompaniýalarynyň wekilleriniň gelmegi aýdylanlara doly güwä geçýän bolsa gerek. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça umumy bahasy 18 milliard dollara barabar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi, 2 trillion ýene barabar bahasy bolan işewürlik taslamalary amala aşyrmaga ägirt uly mümkinçilikler döreýär.

Çuňňur hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksadaokgunly syýasaty netijesinde ata Watanymyzda bolup geçýän bu özgertmeler bize dünýäniň dürli ýurtlarynda buýsanç bilen ýaşamaga we işlemäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň