Soňky habarlar

Arhiw

Çempion “Şagadam” bilen bolan oýunda utuk ýitirdi, yzda barýan topar bolsa AFK-nyň prezidentiniň Kubogynyň eýesini ýeňlişe sezewar etdi

14:0925.10.2015
0
3642

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 30-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary iki garaşylmadyk netije berdi: häzirki çempion “Altyn Asyr” ýurduň Kubok duşuşyklaryny hem hasaba alanyňda, dokuz oýunlyk ýeňlişsiz tapgyrynyň arasyny üzdi. Topar öz meýdanynda “Şagadam” bilen deň oýnady — 1:1, yzda barýan “Daşoguz” bolsa öz meýdanynda AFK-nyň prezidentiniň Kubogynyň eýesi HTTU-dan 1:0 hasabynda üstün çykdy.

“Şagadam” şu möwsümde “Altyn Asyry” ýeňen ýeke-täk topardyr (2:1). Bu 20-nji maýda ikinji aýlawyň Aşgabatda geçen duşuşygynda bolupdy. Türkmenbaşyda bolan beýleki iki oýun degişlilikde 0:0 (21-nji martda) we 1:0 “Altyn Asyryň” peýdasyna tamamlanypdy (23-nji awgust).

“Aşgabat” stadionynda geçen dördünji duşuşykda birinji ýarymdan soň deňizýaka futbolçylar öňde barýardylar. Pökgini 35-nji minutda Yhlas Magtymow geçirdi. Arakesmeden soň bolsa Didar Hajyýew hasaby deňledi we duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.

Netijede “Şagadam” öňdäki üçlügi jemleýän “Ahala” ýakynlaşmak mümkinçiligini elden giderdi. “Altyn Asyr” bolsa utuk ýitirendigine garamazdan, ýaryş tertibinde ynamly öňde barmagyny dowam etdirýär. Ätiýaçda bir oýny bolan topar ikinji orunda barýan “Balkany” 14 utuk öňdürýär.

Ýurduň demirgazyk sebitiniň merkezinde geçirilen duşuşykda ýer eýeleri “Daşoguz” HTTU-dan oýnuň tamamlanmagyna 5 minut galanda üstün çykdy. Ýeke-täk pökgini Elzar Gurbanow geçirdi. Bu yzda barýan toparyň çempionatdaky üçünji ýeňşidir.

30-njy tapgyryň ýene bir duşuşygynda — “Energetik” bilen “Merwiň” arasyndaky Mary derbisinde myhmanlar ýeňiş gazandylar — 2:1. Duşuşygyň barşynda Mekan Nasyrowyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik urgusyndan soň (35-nji minutda), “Merwiň” ýeňlip gelýändigini bellemek gerek. Soňra bolsa olar birinji ýaryma goşulan wagtda 11 metrlik urgudan hasaby deňlediler. Duşuşygyň tamamlanmagyna 9 minut galanda bolsa ýeňiş pökgüsini geçirdiler. Munuň özi “Merwe” HTTU-ny öňürtmäge we 38 utuk bilen altynjy orna galmaga mümkinçilik berdi.

Şu tapgyrdan soň, Türkmenistanyň çempionatynda arakesme yglan edildi. Bu milli ýygyndymyzyň Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama duşuşyklaryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşyklydyr. Türkmen futbolçylary 12-nji noýabrda Tähranda Eýranyň, 17-nji noýabrda bolsa Aşgabatda Omanyň ýygyndylary bilen duşuşarlar.

 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris. 

"Energetik" – "Merw" – 1:2 (1:1)

21-nji oktýabr. Baýramaly. "Sport desgasy". 1 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Mekan Nasyrow (11 metrlik urgudan) 35 – Begenç Alamow (11 metrlik urgudan) 45+1, Tirkiş Muhammetberdiýew 81.

Duýduryş alanlar: Ylýas Minhairow 36, Artýom Nikitenko 41 – Begenç Alamow 14, Jemşit Orazmuhammedow 30, Merdan Saparow 34.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Mels Işmuhammedow.

 

"Daşoguz" – HTTU – 1:0 (0:0)

21-nji oktýabr. Daşoguz. "Sport toplumy". 500 tomaşaçy.

Pökgini geçiren: Elzar Gurbanow 85.

Duýduryş alanlar: Ali Akber 21, Hudaýguly Satyýew 45, Begli Öwezow 58, Merdan Galpakow 88 – Eziz Ylýasow 45, Didar Kowusow 55, Hudaýnazar Amirow 87, Hoşgeldi Hojowow 90+3.

Oýundan çykarylan: Hamza Allamow 55 – Ýunus Hurmenow 89.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Duşuşygyň inspektory: Jamil Mamedow.

 

"Altyn Asyr" – "Şagadam" – 1:1 (0:1)

21-nji oktýabr. Aşgabat. "Aşgabat" stadiony. 350 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Didar Hajyýew 54 – Ylýas Magtymow 35.

Duýduryş alan: Didar Hajyýew 37 ("Altyn Asyr").

Emin: Arslan Goşşanow.

Duşuşygyň inspektory: Allabergen Sapaýew.

Duşuşygyň komissary: Kakaly Tyllaýew.

 

30-njy tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

 

Iň köp gol geçiren futbolçylar:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 27 (2 – 11 metrlik urgudan) gol.

Süleýmän Muhadow ("Altyn asyr") – 23.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 22.

Berdi Şamyradow ("Aşgabat") – 18 (1).

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 16 (6).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň