Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda saparda bolar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli iberen gutlag hatynda aýdylýar.
– Türkiýe Respublikasyna meýilleşdirilýän saparyňyzyň çäklerinde Sizi görmäge şatdyryn. Ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynanýaryn – diýip, türk Lideri gutlag hatynda belleýär.
Rejep Taýyp Ärdogan gutlag hatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan tüýs ýürekden mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidentine we onuň ýakynlaryna berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýär.
– Türkiýe bilen Türkmenistanyň doganlyk halklarynyň taryhy we medeni kökleriniň umumylygyna esaslanýan dostlukly gatnaşyklarymyzyň iki doganlyk halkyň bähbidine yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin – diýip, türk Lideri Rejep Taýyp Ärdogan ýollan hatynda nygtaýar.