Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, Aşgabatda binalary abatlamak, seýilgähleridir seýilbaglary abadanlaşdyrmak, bezeg güllerini ekmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Ýurduň paýtagt şäheriniň köçelerinde we ýaşaýyş jaý toplumlarynda arassaçylygyň berjaý edilmegine berk gözegçilik edilýär.
Şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn ähmiýet berilýär. Aşgabadyň şaýollary, köçeleri, binalary baýramçylyk şekilleri, ýazgylary we dürli görnüşli bezegler bilen bezelýär.
Ýurduň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guralýan dabaralara, medeni-köpçülikleýin çärelere, duşuşyklara, sergilere, ylmy-amaly maslahatlara taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Baýramçylyk konsertleri, dürli maksatly täze binalarydyr desgalary, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryny dabaraly ýagdaýda açmak meýilleşdirildi.
Mundan başga-da, ýurduň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan taryhy waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýär. Ählihalk forumynyň guramaçylykly geçirilmegi üçin degişli gulluklaryň wekillerinden düzülen ýörite topar döredildi. Bular barada 22-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurduň paýtagtynda alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge hem-de bu baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany golaýlaşyp gelýän dabaralaryň şatlykly we ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigini belläp, wise-premýere degişli düzümleriň meýilleşdirilen ähli çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine görýän taýýarlyk işlerine gözegçilik etmegi tabşyrdy.