Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

17:2522.09.2023
0
29399

Şu gün Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy T.Endo bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda ýapon tarapy Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Taraplar duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridigini bellediler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň dostluk toparlarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmegi işjeň parlamentara gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar.

Mundan başga-da, taraplar duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň