Türkmenabat şäherinde ýakynda açylan «GamerX» elektron sport klubynyň wekilleri tejribesini artdyrmak we maglumatlary alyşmak üçin ýakynda Özbegistan Respublikasynda saparda boldular. Bu sapar täze döredilen klubyň ilkinji halkara tejribesi boldy.
Türkmen wekiliýeti ilki bilen Daşkent şäherinde işleýän elektron sport merkezine baryp gördi. Bu ýerde merkeziň hünärmenleri türkmenistanly myhmanlary alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem taraplar geljekde bilelikdäki ýaryşlary geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahtlaşdylar.
Soňra türkmen wekiliýetiniň agzalary Daşkent şäherinde ýerleşýän «Bezone gaming», «Cyber arena», «Cyberium», «Coliseum», «Major Premium Gaming» we «Game zone» elektron sport klublaryna hem baryp gördüler.
Özbegistanda türkmen wekiliýeti myhmansöýerlik bilen garşylanyldy. Ikitaraplaýyn tejribe alyşmalar iňňän ähmiýetli boldy. Şeýle hem türkmenabatly elektron sportçular Özbegistanda açyljak ägirt elektron sport merkeziniň açylyş dabarasyna çagyryldy.
«GamerX» kluby Türkmenistanyň Elekrton sport federasiýasynyň hem resmi agzasydyr. Bu merkeziň wekilleri şu ýylyň tomsunda ilkinji resmi ýaryşlaryna gatnaşyp başladylar.
Türkmenistanda elektron sporty ösdürmäge hem uly üns berilýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem esasy ýaryşlaryň maksatnamasyndan daşary elektron sport boýunça ýaryşlar geçirildi. Özbegistan bilen hyzmatdaşlyk sportuň bu görnüşiniň türkmenistanly wekilleriniň tejribesini has baýlaşdyrar.