Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» «Al-Feýha» bilen boljak oýnuň öňüsyrasynda açyk türgenleşik geçirdi

17:1619.09.2023
0
38963

«Ahal» AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji aýlawynda «Al-Feýha» bilen boljak oýnuň öňüsyrasynda açyk türgenleşik geçirdi. Türgenleşik «Aşgabat» stadionynyň meýdançasynda guraldy.

Aziýanyň Futbol Konferensiýasynyň düzgünnamasyna laýyklykda, türgenleşigiň 15 minudy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin açyk ýagdaýda geçirildi. Soňra türgenleşik ýapyk ýagdaýda dowam etdirilip, onuň dowamlylygy 1 sagada golaý boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Ahal» — «Al-Feýha» oýny şu gün — 19-njy sentýabrda bolup geçer. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

Ýeri gelende ýatlatsak, «Ahal» AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň «A» toparçasynda Saud Arabystanynyň «Al-Feýha», Özbegistanyň «Pahtakor» hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Aýn» toparlary bilen pleý-off ýollanmasy üçin göreşer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň