Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) Palestinadaky Iýerihon şäheriniň harabalyklaryny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizdi. Bu barada gurama resmi habar berdi diýip, «Izwestiýa» ýazýar.
Şäher galyndylary guramanyň Er-Riýad şäherinde geçen 45-nji ýygnagynda sanawa girizildi.
Iýerihon dünýäniň iň gadymy şäherleriniň biri hasaplanýar, onda biziň eýýamymyzdan öňki 9-njy müň ýyllykda ýaşaýyş bolupdyr. Şäher barada «Injilde» hem agzalýar.