Hindistandaky bazarlaryň birinde ýerleşýän mata dükanyna eýýäm ýedi ýyldyr, her gün bir sygyr gelýär diýip, «MIR 24» ýazýar.
Sygyr ýerli ýaşaýjylaryň arasynda meşhurdyr, dükanyň işgärleri bolsa ony edil hojaýyn gelen ýaly garşylaýarlar. Täsin ýeri, sygyr her gün dükana şol bir wagtda, gündiz sagat üçlerden agşam ýedi aralykda gelýär, ol müşderiler üçin niýetlenen diwana münýär-de, ol ýerde iki sagat ýatýar. Müşderiler onuň gelmegine begenýärler, ýadygärlik surata düşýärler, sypalaýarlar, naharlaýarlar. Dükanyň eýesi onuň gelmeginiň özüniň telekeçiligi üçin bähbitldigini aýdýar. Sebäbi Hindistanda sygyr keramatly haýwan hasaplanýar.