Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

10:4719.09.2023
0
16929
Mejlisiň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok Sun bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Koreýanyň Premýer-ministri öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebit-gaz we nebithimiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Şeýle hem ýurtlaryň arasynda döredilen işjeň parlamentara hyzmatdaşlygyň özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigi nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň