Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň we degişli wekilleriniň hem-de «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň prezidenti Naoki Nakamuranyň ýolbaşçylyk etmeginde wekiliýetiň gatnaşmagynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda duşuşyk geçirildi.
18-nji sentýabrda bolan duşuşygyň dowamynda, hususan-da 2023-nji ýylyň 2-nji iýulynda Arkadag şäherinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Ähtnama laýyklykda alnyp barylýan işler we öňde goýulan maksatlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar aragatnaşyk pudagynda özara bähbitli hyzmatlary ýola goýmak, sanlylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler, telekommunikasiýa ulagmyny özgertmäge gönükdirilen wezipeler, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we ösdürmek, kiberhowpsuzlyk pudagynda hünärmenleriň tejribelerini alyşmak ýaly meseleler boýunça gürrüň etdiler.
Gepleşikleriň dowamynda «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň wekilleri, türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, aragatnaşyk pudagy boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň geljekde hem dowam etdirilmeginiň zerurdygyny bellediler.