Nýu-Ýorkda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini tassyklady. Şol dialog bolsa ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýar.
Şeýle-de Türkmenistanyň bu halkara düzüm bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň mundan beýläk-de ykdysady we durmuş taýdan ösdürilmeginiň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen, şol sanda kanunçylyk, bilim, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ulgamlarynda ýöriteleşdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň ençemesini durmuşa geçirmekde türkmen döwletiniň öňden gelýän hyzmatdaşy bolup gelýär. Häzirki wagtda Ýewropanyň esasy kompaniýalary türkmen ykdysadyýetiniň köp pudaklarynda – nebitgaz toplumynda, ulag, elektrik energetikasy, gurluşyk, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynda işleýärler.
Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklaryň esasy ugurlary we bar bolan köpugurly mümkinçilikler babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.