Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Praga şäherinde geçirilen halkara foruma gatnaşdy

18:3618.09.2023
0
26218

Türkmenistanyň wekiliýeti Çehiýanyň Praga şäherinde geçirilen «Durnukyl ösüş we inklýuziw ykdysady ösüşi gazanmak arkaly ÝHHG-niň sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek» atly halkara foruma gatnaşdy.

Bu foruma ÝHHG-e agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň hünärmenleri, hökümete degişli bolmadyk täjirçilik däl guramalaryň wekilleri we metbugat işgärleri gatnaşdylar. Forumyň esasy temalary şulardan ybarat boldy:

  • ykdysady durnuklylygy ýokarlandyrmakda, dolandyryş ulgamyny ösdürmekde we ÝHHG-niň sebitindäki parahorlugyň öňüni almakda täze tehnologiýalaryň orny;
  • durnukly we howanyň üýtgemegine çydamly ösüş, howanyň üýtgemegine garşy bilelikdäki göreş boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmak;
  • tebigy ýa-da adam täsiri bilen döreýän heläkçilikleriň öňüni almak we azaltmak, bu ugurda bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmekde betbagtçylyk töwekgelçiligini dolandyrmagyň ölçegleriniň ähmiýeti;
  • durnukly ösüş, azyk howpsuzlygy, söwda we ulag-logistika.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary forumyň çäginde degişli ugurlarda gazanylan Türkmenistanyň oňyn tejribesini daşary ýurtly kärdeşleri bilen paýlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň