Ikinji ýyldyr, bugdaýyň rekord derejedäki hasylyny almagy Russiýanyň ählumumy bazarda birinji ýurt hökmünde eýeleýän ornuny berkitdi diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Habarda rus dänesiniň eksportunyň artýandygy bellenýär.
«Bloomberg» neşiri Russiýanyň bugdaý ammarlarynyň dolmagynyň sarp edijiler üçin bähbitlidigini, munuň soňky üç ýylda nyrhlaryň rekord derejede arzanlamagyna getirendigini ýazýar.
«Rus bugdaýynyň basdeşi az. Häzirki wagtda nyrhlary Russiýa kesgitleýär» diýip, neşir «Strategie Grains» däne bazaryny seljeriji agentligiň wekili Elena Dýuflonyň sözlerini getirýär.