Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýanyň önüm öndürijileriniň sergisinde döwlet Baştutanlary türkmen pawilýonyny synladylar

17:4018.09.2023
0
21996

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Duşanbeniň Halkara sergi merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önüm öndürijileriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide döwlet Baştutanlary türkmen pawilýonyna hem baryp gördüler diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň sergi bölüminde meşhur türkmen halylaryna aýratyn orun berildi. Mälim bolşy ýaly, zehinli türkmen halyçylary tarapyndan döredilen gözel we ýokary hilli önümler bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe. Häzirki wagtda türkmen halyçylygynyň täsin milli däpleri aýawly saklanylýar we nesilden-nesle geçirilýär. Sergide el halylarynyň hatarynda ajaýyp ýüpek halylar hem görkezildi.

«Türkmenistanyň hödürlän sergisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda, şol sanda hususy ulgamda gazanylan üstünlikler, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşmaga şert döredýär» diýlip, habarda bellenilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň sergi bölüminde halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika pudagynyň, ýokary hilli nebit önümlerini, polietilen, polipropilen we beýleki önümleri öndürýän nebitgazhimiýa senagatynyň önümleri hem görkezildi.

Mundan başga-da, bu ýerde hormatly myhmanlar dokma we ýeňil senagatyň dürli önümleri, aýna önümleri, gurluşyk serişdeleriniň köp görnüşleri bilen tanyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň