AFK-nyň Çempionlar ligasynyň «A» toparçasyna wekilçilik edýän «Ahalyň» yklym ýaryşyndaky ilkinji garşydaşy — «Al-Feýha» toparynyň baş tälimçisi, serbiýaly hünärmen Wuk Raşowiç Aşgabatdaky ilkinji türgenleşikleriň dowamynda türkmen metbugatynyň wekillerine interwýu berdi.
— Biz geçen möwsümde diýseň gowy oýny orta goýan Türkmenistanyň çempiony bilen boljak duşuşyga taýýar. Bu ýaryşda ozaldan hem ýetik tejribämiz bar. Maksadymyz ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak. Ýöne garşydaşyň güýjüne hem ýokary baha berýäris. Meýdanda diňe ýeňiş üçin oýnarys, topar ähli güýjüni oýna sarp eder. Duşuşygyň gowy geçmegini arzuw edýärin.
Toparyň Aşgabada gelip düşen dessine türgenleşiklere başlamagy bilen bagly sowala baş tälimçi ýerli şertlere uýgunlaşmak maksady bilendigini aýdyp jogap berdi. Ol munuň üçin futbolçylardan ýeňiljek türgenleşikleri talap edendigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, topar özüni gowy duýýar we ol oýna taýýar.
«Ahal» — «Al-Feýha» duşuşygy 19-njy sentýabrda «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Ol agşam sagat 21-de başlanar.