Aşgabadyň we paýtagtyň Abadan etrabynyň iri panelli jaý gurluşyk zawodlarynyň önümçilik kuwwaty ýylda 2 müňden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga mümkinçilik berer

09:2423.10.2015
0
4994

22-nji oktýabrda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli bellenilýän baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda doly döwrebaplaşdyrylan iri senagat desgalarynyň açylyş dabarasy boldy. Olar Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşmesine degişli Aşgabadyň we paýtagtymyzyň Abadan etrabynyň iri panelli jaý gurluşyk zawodlarydyr.

Durky täzelenip, döwrebaplaşdyrylan zawodlarda diwarlyk panelleri olaryň esasy önümleriniň biri bolup durýar. Bu panelleriň netijeli ulanylmagy ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynyň tizleşdirilmegini, olaryň özüne düşýän gymmatynyň peselmegini şertlendirer. Bu önümler berkligi, seýsmiki durnuklylygy we ulanyş häsiýetiniň kämilligi bilen tapawutlanýar.

Aşgabadyň we paýtagtymyzyň Abadan etrabynyň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we kottejleriň gurluşygy üçin demirbeton gurnamalary öndürýän kärhanalar durkunyň täzelenmegi bilen, uly önümçilik kuwwatyna eýe bolup, degişlilikde 100 we 45 müň kub metr demirbeton gurnamalaryny öndürer. Şunlukda, bu kärhanalaryň önümçilik kuwwaty her ýylda 2 müň we ondan hem gowrak öýleri bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga mümkinçilik berer.

Bu kärhanalarda oturdylan enjamlar Russiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň kämil önümleridir.

Önümçilik tehnologiýasynyň kämilleşdirilmegi we onuň düşewüntliliginiň ýokarlanmagy täze kärhanalaryň häsiýetli aýratynlygydyr.

Kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň hasabyna olaryň işgärleriniň sany artdy. Bu ýerde öndürijilikli iş üçin aňrybaş amatlyklar döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň