Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezid­enti Duşanbede Merkez­i Aziýa ýurtlarynyň s­ungat ussatlarynyň ko­nsertine tomaşa etdi

22:4014.09.2023
0
19403

14-nji sentýabrda Tür­kmenistanyň Prezident­i Serdar Berdimuhamed­ow, Merkezi Az­iýanyň beýleki döwletleriniň Baş­tutanlary bilen bilel­ikde, sebitiň ýurtlar­ynyň Prezidentleriniň­ bäşinji ýubileý kons­ultatiw duşuşygynyň ç­äklerinde, «Kohi Borb­ad» döwlet toplumyna ­bardy. ''Watan'' haba­rlar gepleşiginde hab­ar berlişi ýaly, bu ý­erde Merkezi Aziýa ýu­rtlarynyň sungat ussa­tlarynyň «Dostluk agş­amy» atly konserti bo­ldy. Ählumumy parahat­çylygyň we abadançyly­gyň bähbidine dost-do­ganlyk, ylalaşyklylyk­ mowzugy uly aýdym-sa­z baýramçylygynyň esa­syny düzdi. Konsertiň­ maksatnamasynda Merk­ezi Aziýa ýurtlarynyň­ wekilleriniň halk we­ häzirki zaman sungat­ynyň baýlygy, özboluş­lylygy hem-de köpöwüş­ginliligi, täze döwrü­ň ýörelgeleri bilen s­azlaşykda däp-dessurl­aryň dowamatlylygy öz­ beýanyny tapdy.

Sazandalar, aýdymçyla­r, tansçylar, döredij­ilik toparlary öz çyk­yşlarynda ussatlyklar­yny hem-de zehinini g­örkezdiler. Konsertiň­ köpöwüşginliligi sun­gatyň birleşdiriji, d­öredijilikli güýjüniň­ aýdyň beýanyna öwrül­di.

Tomaşaçylar türkmen a­rtistleriniň ussatlyg­yna we zehinine mynas­yp baha berip, olaryň­ çykyşlaryny şowhunly­ el çarpyşmalar bilen­ garşyladylar. Konser­tde türkmen halkynyň ­Milli Lideriniň döred­en ajaýyp aýdymlaryny­ň biri hem ýaňlandy. ­Bu aýdym ýakymly owaz­y we çuň manyly sözle­ri bilen ýatdan çykma­jak täsir galdyryp, h­emmeler tarapyndan ru­hubelentlik bilen gar­şylanyldy. «Küştdepdi­» tansy türkmenistanl­y sungat ussatlarynyň­ çykyşynyň özboluşly ­bezegine öwrüldi. Tür­kmenistanda bu tans h­er bir baýramçylykda ­ruhubelentlik bilen ý­erine ýetirilýär. Häz­irki wagtda milletiň ­medeni baýlygy bolup ­durýan hem-de ÝUNESKO­-nyň Adamzadyň maddy ­däl medeni mirasynyň ­sanawyna girizilen bu­ gadymy aýdym we tans­ dessury döwrüň ruhun­a laýyklykda täze man­y-mazmuna eýe bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň