Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady

21:4521.10.2015
0
5682

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Barak Obama öz adyndan şeýle hem Amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny 27-nji oktýabrda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti gutlag hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky ählumumy parahatçylygyň we gülläp ösüşiň giňeldilmegine gönükdirilen umumy gyzyklanmalarymyzy beýan edýän hyzmatdaşlyk oňyn ösdürilýär, bilelikdäki hereketimiz sebitde durnuklylyk, ykdysady hyzmatdaşlyk hem-de adamlaryň hukuklaryna we adamzadyň gymmatlyklaryna hormat goýmak babatda möhüm meseleleri yzygiderli ara alyp maslahatlaşmak üçin berk binýady döredýär — diýip belleýär.

Şeýle hem Barak Obama Owganystanyň gumanitar taýdan we düzümleýin ösdürilmegine Türkmenistanyň möhüm goşant goşýandygyny, şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli ýurtlar bilen parahat, dostlukly gatnaşyklary saklamaga ygrarlydygyny belleýär.

Şu şanly baýramçylykda bütin adamzadyň bähbidine bilelikde işlemäge özümiň ygrarlydygymy ýene-de bir gezek tassyklamaga rugsat ediň. Geljekde özara gatnaşyklarymyzyň diňe berkejekdigine ynanýaryn — diýip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Barak Obama gutlag hatynda beleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň