Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekilçilikli topary ABŞ-da saparda boldy

18:1021.10.2015
0
1572

Ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar döwlet Baştutanynyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Waşingtonda geçirilen duşuşygyň barşynda dürli ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň meseleler toplumy babatda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, onuň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolan işjeň döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Geňeşmeleriň gün tertibine ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, halkara bileleşiginiň döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak ýaly wajyp ugurlarda tagallalary utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Onuň işjeň gatnaşmagynda işewürler maslahatlary we özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine, maý goýum işjeňliginiň höweslendirilmegine gönükdirilen beýleki çäreler yzygiderli guralýar. Şunuň bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer  ulgamdaky hyzmatdaşlyk, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklar meselelerine uly üns berildi. Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we ABŞ-nyň Türkmenistanda uly üstünlik bilen geçirilen Medeniýet günleri ýaly bilelikdäki döredijilik çäreleriniň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikler bar.

Nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri iki ýurduň deňhukuklylyk, netijelilik we özara peýdaly uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge we ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň