Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň nobatdaky maslahaty geçiriler

18:0721.10.2015
0
1161

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň nobatdaky  maslahaty geçiriler. Bu barada ýurduň Parlamentiniň Başlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda birnäçe resminamalara garalar, şol sanda edara ediş-hukuk düzgün bozmalary, notarial we notarial işi, gümrük, maşgala, ýaşaýyş jaýlary hem-de beýleki meseleler bilen baglanyşykly kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar giriziler. Şeýle hem maslahatyň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, sebit we halkara ähmiýetli möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam edýän birnäçe halkara ylalaşyklaryna goşulmak hakyndaky resminamalara garalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň